Banan we kökeden piramida keks

Banan we kökeden piramida keks

Profil suradyTagamlar
45 resept
1 adamyň depderinde
Depderime goş

Owadan görnümli, tagamly, taýyn kökeden edilýän bananly ýa-da ýertut hem ulanyp boljak piramida şekilli keks resepti.

Içindäkiler — Banan we kökeden piramida keks taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1,5 paket petibor köke
  • 1 banan
Içiniň kremi üçin:
  • 4 stanak süýt
  • 1.5 stakan şeker
  • 3 çemçe un
  • 2 çemçe kakao
  • 1 çemçe mesge
  • 1 wanilin
Üsti üçin:
  • 2 çemçe gaýmak
  • 3 çemçe şeker
  • 2 çemçe kakao
  • 1 çemçe mesge

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ilki bilen içinin kremini edeliň. Mesge we wanilinden başga harytlary bir gazana goýup wençik bilen garmaly. Haýal oda goýup gaýnaýaça bişirmeli we bulap durmaly. Gaýnan soň 4 minut ýene bulap bişirmeli. Kökeleriň üstüne çalar ýaly goýy bir krem emele gelmeli. Odyny öçürüp mesge we wanilini goşmaly we garmaly, mesge remeli. Kremi biraz sowatmaly.
  2. Kökeleri inine 3 boýuna 4 sanu boljak şekilde suratdaku ýaly edip streç plýonkanyň üstüne düzmeli. Eden kremimizi üstüne çalmaly we ýene köke goýmaly. Bu şekil gezekleşdirip köke we kremi ulanmaly. Ortaky hatarda 2 gat köke, gyralarda 4 gat köke bolmaly.
  3. Ortasyna bananumuzu goýmaly. Streç bilen iki gapdalky kökeleri galdyryp suratdaky ýaly ýokarda birleşdirmeli we piramida şeklini emele getirmeli. Holodilnige goýup azyndan 4 sagat saklamalay. Gijesi bilen dursa has gowy bolýar.
  4. Üsti Üçin gerekli harytlary bir gazana goýup garmaly we gaýnaýança haýal otda garyp bişirmeli. Gaýnan soň ýene 3 minut bişirmeli. Piramida şekilli keksimiziň daşyndaky streç plýonkany aýyrmaly. Keksiň üstüne şokoladly kremi çalmaly.
  5. Üstüne guýulýan kremiň kakaonyň ýerine un ulanyp ak wersiýasyny hem edip üstüne ak çyzyklar çyyp bezeseňiz bolýar. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Banan we kökeden piramida keks surat 1Banan we kökeden piramida keks surat 2Banan we kökeden piramida keks surat 3Banan we kökeden piramida keks surat 4Banan we kökeden piramida keks surat 5Banan we kökeden piramida keks surat 6Banan we kökeden piramida keks surat 7Banan we kökeden piramida keks surat 8Banan we kökeden piramida keks surat 9

Banan we kökeden piramida keks senesinde bölümüne goşuldy. 8,600 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň