Almaly keks

Almaly keks

Profil suradyTagamlar
45 resept
1 adamyň depderinde
Depderime goş

Içi almaly, bişirilşi aňsat keks resepti. Ak we kakoly iki keks etdim, içini kesip ýerlerini çalyşsaň owadan iki renkli keks bolýar. Içindäkiler azyk harytlary hem iki keks üçin ýazyldy.

Içindäkiler — Almaly keks taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 4 ýumurtga
  • 2 stakan şeker
  • 2 stakan un
  • 2 paket wanilin
  • 2 paket gabardyjy paraşok
  • 1 çaý çemçe kako
  • Ösümlik ýagy (bişirýän gabymyza çalmak üçin)

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ýumurtga we şekeri mikser bilen garmaly.
  2. Un, wanilin, gabardyjy paraşok goşup ýene garmaly.
  3. Almalary iri kesip, içini arassalamaly we blenderde ownuk dogramaly. Hamyra goşmaly we garmaly. Suýukrak hamyr bolýar.
  4. Keks bişirjek gabymyza ýag çalmaly, we hamyryň ýaryny guýmaly. Multiwarkada 1 sagat "Wypeçka" rejimde bişirmeli.
  5. Galan hamyra kakao goşup garmaly we ony hem aýry 1 sagat bişirmeli.
  6. Bişen kekslary köke kesýän şekiljik bilen içini kesip ýerlerini çalyşmaly. Iki sany owadan iki renkli keksimiz taýyn. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Almaly keks surat 1Almaly keks surat 2Almaly keks surat 3Almaly keks surat 4Almaly keks surat 5Almaly keks surat 6Almaly keks surat 7Almaly keks surat 8

Almaly keks senesinde bölümüne goşuldy. 5,216 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň