Badamjanly salat

Badamjanly salat

Profil suradyÖwrenje
2 resept
1 adamyň depderinde
Depderime goş

Ýeňiljek salat. Agşamlyk naharlar bilen örgän gowy bolýar.

Içindäkiler — Badamjanly salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 2-3 sany badamjan
  • 1-2 sany uly pomidor
  • 2-3 sany kartoşka
  • islege görä ukrop-petruşka
  • duz we burç
  • ýag

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Badamjanlaryň gabygyny aýyryp, hersini 4 bölege bölüp, duzly suwuň içine 15-20 minut ýaly ajysy gitýänçä goýmaly.
  2. Ol bolýança pomidory kiçijik-kiçijik bölejiklere bölmeli.Kartoşgany hem gabygyny aýyryp kiçijek-kiçijek bölejiklere bölmeli. Soňra badamjany suwdan çykaryp daşyny ýuwup ony hem kiçijek-kiçijek bölejiklere bölmeli.
  3. Gazyň aşagyny orta otda ýakmaly, bişirjek sajymyzy alyp ýagymyzy guýmaly. Ýag gyzýança garaşmaly. Badamjany, kartoşgany we pomidory hersini aýra-aýra edip bişirmeli.
  4. Baryny bir gaba alyp islege görä duz, burç atmaly.Onuň üstüne ukrop-petruşka dogramaly we garmaly.
  5. Işdäňiz açyk bolsun!

Badamjanly salat senesinde bölümüne goşuldy. 1,313 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň