Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi

Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi

Profil suradyvici
16 resept
2 adamyň depderinde
Depderime goş

Döner (шавурма) – öýde aňsat we arzan bişiriliş resepti. Daşarda satylýan dönerden 2-3 esse arzan, göwnüňize görä doldyrylan döner iýesiňiz gelse hökman edip görüň. Döneriň asyl tagam berýän zady sousydyr, isleseňiz sarymsaksyz hem edip bilersiňiz.

Içindäkiler — Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 400 gram towuk eti
  • 4 sany lawaş
  • 2 pomidor
  • 2 hyýar
  • 1 bulgar burç
  • 1 kiçi sogan
  • salat ýapragy we islege görä gök otlar
Sous üçin:
  • 2 diş sarymsak
  • 2 çemçe maýonez
  • 1 çemçe ketçup
  • 1 çaý çemçesi soýa sousy

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Towuk etini kiçi edip dogramaly, sünksiz bolmaly. Eti skawarodkada biraz ýag goşup çalaja gyzarýança gowurmaly, islegiňize görä duzlamaly.
  2. Pomidor, hyýar, sogan, bulgar burçy inçe edip kesmeli. Hersini aýry goýmaly. Dogralan sogany biraz eliňiz bilen ýumuryp ýitiligini azaltmaly. Gök otlary ownuk edip dogramaly.
  3. Sarumsagy ownuk dograp maýonez, ketçup, soýa sousy bilen garyp tagamly sous ýasamaly.
  4. Lawaşy açyp içine eti we taýynlan zatlarymyzy goýuşdyryp sous çalmaly we towlamaly.
  5. Islege görä duhowkada ýa-da grilde 2-3 minut goýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn!

Suratlary

Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi surat 1Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi surat 2Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi surat 3Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi surat 4Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi surat 5Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi surat 6Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi surat 7Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi surat 8Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi surat 9

Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi senesinde bölümüne goşuldy. 3,656 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň