Lawaşdan towukly somsa

Lawaşdan towukly somsa

Profil suradyTagamlar
45 resept
Ilkinji bolup depderiňe goş
Depderime goş

Hamyr ýowurmak islemeýänler üçin taýyn lawaşdan towukly somsa resepti. Somsalary isleseňiz duhowkada ýa-da skawarodkada gowurup bilersiňiz.

Içindäkiler — Lawaşdan towukly somsa taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 200 gr towuk
  • 1 sogan
  • 1 kartoşka
  • 100 gr peýnir
  • 4 list lawaş
  • 1 ýumurtga
  • ukrop, petruşka

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Towugy gowy edip ýuwmaly we derisi süňki bilen suwly gazanda 20 minut orta otda gaýnatmaly. Bişen soň derisini süňkini aýyryp dogramaly.
  2. Kartoşkany we sogany ownuk dogramaly we biraz ýag bilen gowurmaly.
  3. Peýniri we otlary ownuk dogramaly we ahli önümleri garmal.
  4. Lawaşy 7 santimetr galyňlykda uzyn edip kesmeli. Içine bir çemçe taýynlan garyndymyzy goýmaly. Lawaşyň galan ýerine ýumurtga çalmaly we üçburç şekilde eplemeli. Üstüne hem ýumurtga çalmaly we islege görä mak ýa-da künji sepmeli.
  5. Somsalary 150 gradus duhowkada 5-10 minut gyzarýança bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Lawaşdan towukly somsa surat 1Lawaşdan towukly somsa surat 2

Lawaşdan towukly somsa senesinde bölümüne goşuldy. 840 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň