Marinowat edilen kömelekli salat

Marinowat edilen kömelekli salat

Profil suradyMerjen
14 resept
Ilkinji bolup depderiňe goş
Depderime goş

Az koloriýaly aňsat taýynlanýan salat resepti.

Içindäkiler — Marinowat edilen kömelekli salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 çemçe bankadan rassol
  • 1/2 sogan
  • 1 çemçe ösümlik ýa-da zeýtun ýagy
  • 1 banka (300 gram) marinowat edilen kömelek
  • 2 Pomidor
  • 1 bolgar burç
  • ukrop

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Sogany arassalamaly we halka şeklinde kesmeli. Bolgar burçyň içini aýyrmaly we çyzyk şeklinde kesmeli. Pomidory halka ýa-da dilim edip dogramaly. Ukroby ýuwup, guratmaly, we ownuk dogramaly. Bulary bir gama goýmaly.
  2. Kömelekleri suwuny syrykdyryp çykarmaly. 1 çemçe rassol (kömelegiň bankada galan suwy) zaprawka üçin galdyrmaly. Kömelekleriň irilerini dogramaly, ownuklary bolsa bolşy ýaly salada goşmaly.
  3. Ösümlik ýa-da zeýtun ýagyny rassol bilen garmlay we salada goşup garmaly. islege görä duzlamaly.

Marinowat edilen kömelekli salat senesinde bölümüne goşuldy. 2,852 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň