Seld pod şuboý salat

Seld pod şuboý salat

Profil suradyMerjen
14 resept
1 adamyň depderinde
Depderime goş

Baýramçylyk saçagy diýilende ilkinji bolup aňymyza gelýän salat haýsy diýseň, köpimiz seld pod şuboý diýeris. Ony hemmeler taýynlaýar, men hem şolardan biri.

Içindäkiler — Seld pod şuboý salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 sany seld balyk
  • 1 sany uly şugundyr
  • 5 sany käşir
  • 6 sany kartoşka
  • 1 sany ýaşyl sogan
  • Maýonez tagama görä

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Salat üçin önümleri taýynlaň. Sogandan başga gök önümleri gaýnatlamy, sowatmaly we daşyny arassalamaly. Seldiň gyltyklaryny aýyryp kubik şeklinde dogramaly.
  2. Salady toplalyň. Uly gaba ilki bilen syhahdan geçirilen kartoşkany bir gat edip goýmaly, üstüne maýonezden setka ýasamaly.
  3. Üstüne kesilen seld balykdan bir gat goýmaly.
  4. Ownuk dogralan ak we gök sogany sepmeli.
  5. Üstüne käşirden bir gat etmeli we maýonezden setka çekmeli. Burç we duz islege görä ulanmaly.
  6. Iň soňky gat edip şugundury goýmaly we üstüni maýonezden stka çekip bezemeli.
  7. Üstüne gök sogandan sepmeli we käşirden roza gül şeklini ýasap bezäp bilersiňiz. Holodilnikde azyndan 15 minut saklamaly, eger 2-3 sagat holodilnikde saklasaňyz tagamy has gowy bolýar. Işdäňiz açyk bolsyn.

Seld pod şuboý salat senesinde bölümüne goşuldy. 4,773 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň