Towukly Türkmen palow

Towukly Türkmen palow

Profil suradyvici
16 resept
2 adamyň depderinde
Depderime goş

Içindäkiler — Towukly Türkmen palow taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 2 towuk aýak
  • 2 sogan
  • 3 uly käşir
  • 4 çaý käse tüwi
  • 80 ml suýuk ýag
  • Suw, duz

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Towuk aýaklaryny dogramaly, duzlamaly.
  2. Gazana ýag guýup towugy gowurmaly, çala gyzaran wagtu soganlary inçe dograp atmaly.
  3. Sogan gowu bişen soň inçe dogralan käşiri atmaly.
  4. Käşir bişýänçe garaşmaly, eger et köýjek bolsa azajyk suw goşmaly.
  5. Tüwini ýuwmaly we tekizjek edip gazana salmaly.
  6. Duz sepip, tüwiniň ýüzünden barmagyň birinji bogununa ýeter ýaly suw guýmaly.
  7. Odyny gaty goýup tüwi suwuny sorýança garaşmaly. Tüwi suwyny çekenden soň odyny peseldip buglanar ýaly uly çemçäniň sapy bilen düýbýne ýetýänçe 7-8 sany deşik açmaly. Gapagyny ýapyp 10-15 minut goýmaly. (Men palowymy bulaman bişirýän, çagalar şularýaly gowy görýär.)
  8. Salanyňyzda palowyň etini, käşirini sazlap owadanlap tarelkalara goýmaly. Palowymyz taýyn, Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Towukly Türkmen palow surat 1Towukly Türkmen palow surat 2Towukly Türkmen palow surat 3Towukly Türkmen palow surat 4Towukly Türkmen palow surat 5Towukly Türkmen palow surat 6Towukly Türkmen palow surat 7Towukly Türkmen palow surat 8

Towukly Türkmen palow senesinde bölümüne goşuldy. 8,796 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň