Tagam bäsleşigi

Tagam bäsleşigi

Öz taýynlan naharyň suratyny we reseptini iber we sowgat gazan.

Bäsleşigimiziň netijesine görä ýeňijilerimiz

1-nji ýer: Gül böregi 500 manat

2-nji ýer: Towukly işdäaçar 400 manat

3-nji ýer: Lawaşdan içlekli 300 manat

4-nji ýer (Tagamlar.com saýt admininiň seçen resepti): Howur peçde bişirilýän lüle-kebab 200 manat

Bäsleşige gatnaşan reseptler

Ýaryşyň şertleri:

  1. Tagamlar.com saýtynda goýulmadyk bir tagamy taýynlamaly.
  2. Tagamyň taýynlanyş suratlaryny ýzygiderli düşürmeli.
  3. Tagamy taýynlamak ücin ulanylýan önümleri ýazmaly.
  4. Tagamyň taýynlanyş reseptini ýazmaly.
  5. Suratlary (2-nji ädim), içindäkileri (3-nji ädim) we resepti (4-nji ädim) bize IMO ( https://call.imo.im/tagamlarcom ) ibermeli.
  6. Ýaryşa gatnaşýan reseptleriň içinde iň köp görülen 3 tagamyň awtory ýeňiji bolýar.
  7. Bir awtor birnäçe resept iberip ýaryşa gatnaşyp biler. Her awtoryň diňe bir tagamynyň görülen sany hasaplanylýar.
  8. Resept saýta goýylan soň size iberilen link (ssylka) dostlaryňyz bilen IMO da paýlaşmaly.
  9. Ýaryşa 1-nji Marta çenli resept iberip bolýar. Naçe ir resept iberseňiz şonça köp görüler. Ýaryşyň jemi 5 Martda hasaplanylýar we ýeňijiler belli bolýar.
  10. Ýeňijiniň sowgady telefon belgisine geçiriljekdir.

Resepti IMO iber

Resept nahili ýazylmaly? Suratlary nahili bolmaly?

Suratlarda hiç hili hat ýa-da telefon nomer bolmaly däl. Suratlar dury we ýagty bolmaly. Resept we suratlar tagamlar.com saýtyndaky reseptler ýaly bolmaly. Mysal üçin şu reseptlere seredip bilersiňiz:

Görülen sany nadip hasaplanylýar?

“Görülen sany” – resepti gören adam sanyna görä hasaplanylýar we Google Analytics arkaly hasaba alynýar. Bir adam köp gezek resepti görsede diňe bir gezek hasaplanylýar.

05.03.2020 senesine çenli dowam eden bäsleşigimiz tamamlandy

Bäsleşigimiziň netijesi:

Görülen sanyny nadip köpeltmeli?

Resept saýta goýulandan soň size iberilen linki imoda hergün  paýlaşmaly (share/ podelitsa etmeli). Dost tanyşlaryňyzy öz reseptiňiziň sahypasyna ibermeli we olaryň hem paýlaşmagyny haýyş etmeli.

Öz kafemi ýa-da tort zakaz hyzmatymy reklama etsem bolýarmy?

Hawa, isleseňiz reseptiň ahyrynda zakaz üçin telefon nomer goşup bolýar. Nomer görkmek isleýäniňizi resept iberen wagtyňyz bize hökman duýduryň. Resept goşulan soň nomer ýazjakdym diýip haýyş etmäň. Tagamlar.com web saýtyna goşulan reseptler saýtymyzda hemişelik durar.

Nähili tagamlar bilen ýaryşa gatnaşyp bolýar?

Ýaryşyň şertlerine gabat gelýän islän tagamlaryňyzy goşup bilersiňiz. Mysal üçin:

  • Ejeleriňiziň size öwreden tagamlary
  • Milli türkmen tagamlary
  • Ertirlik naharlary
  • Salatlar
  • Kökeler
  • Tortlar

 

Teswir ýazyň