Dograma

Bu türkmen milli tagamy bolup , oňa beýleki goňşy döwletleriň saçagynda duşmarsyňyz. Türkmenler bolsa ol ýokary gerejede goýýarlar. Bu tagam gaty gadymy bolup, gurban berme däpleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. We ony diňe ýörite günlerde – dini baýramçylyk günlerinde, däp-dessurlar amala aşyrylanda taýynlaýarlar. Dograma üçin diňe täze goýun eti, sogan we çörek gerek.

Ilki bilen biziň ene-mamalarymyz, ejelerimiz çörek bişirýärler. Petir çörek hamyryny ýuburmak üçin hamyr maýa ulanylmaýar. Ol, adaty günlerde bişirilýän çöreklerimizden daşky görnüşi bilen hem tapawutlanýar.

Çöreklerimiz bişip sowaýança uly gazanda goýun etini atarýarlar. Çörmasyna diňe duz we birnäçe ter pomidor (tomat) goşulýar. Goýun eti tä et süňkünden aňsat sypyrylýança gowuja gaýnadylyp bişirilimelidir. Bişen eti çormasyndan çykaryp alýarlar, çorwasynyň akmagy we sowamagy üçin goýýarlar.

 

Dogramanyň mundan beýleki taýynlanyş prossesi – kollektiw döredijilik bolup, tutuş maşgalanyň we çagyrylan garyndaşlaryň, goňşylaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Petir çöregi elde ownujak edip dogralýar. Sogany ownuk dograýarlar we ýaňky dogralan çörek bilen garýarlar. Bu garyndyny şu ýagdaýda mata saçaga ýa köp gat hasa dolaýarlar we demine goýýarlar. Gaýnap bişen goýun etini el bilen inçe böleklere bölýärler, soňra ony ýaňky soganly çörege garýarlar. Täze bişen, dogralan petir çöregi soganyň hem , etiň hem tagamyny özüne tiz siňdirýär, şonuň üçin gury dograma garyndysy hem gaty tagamly bolýar. Idial ýagdaýynda gury dograma iýilmezinden öň aýry gaba salynýar we üstüne goýun çorbasyndan guýulýar ilege görä üstüne köplen gara burç sepilip iýilýär. Tagamly Dogramamyz taýyn boldy!

 

Teswir ýazyň