Duhowkada towuk döşini peýnir bilen aňsat taýynlanyş resepti.
Içindäkiler — Peýnirli towuk döşi taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 2 sany towuk döşi
- 2 pomidor
- 100 gram peýnir
- Duz, burç, kekik
- 2 kartoşka
- 1 kiçi sogan
- Suýuk ýag, duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Towuk döşini keseligine 4 çyzyk ýarym çuňlukda kesmeli. Kesilen ýere pomidor kesimini we peýnir kesimini dykmaly. Üstüne duzl, burç, kekik sepmeli.
- Her bölegi aýry falga oramaly we 180 dereje gyzgyn duhowkada 15-20 minut bişirmeli.
- Garnir üçin kartoşkalary gaýnatmaly. sogany ownuk dograp azajyk ýag bilen gowurmaly. Kartoşkanyň daşyny aýyryp ýençmeli we gowrulan sogan bilen garmaly, duzlamaly.
Suratlary





-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.
Bagyshlan welin Shu towuk gowsi diyip ulanyan sozuniz yalnyshmy diyyan
Towuk döşi diýip düzetdik. Duýduranyňyz üçin sagboluň.