Dohowkada ýa-da multiwarkada dogralan et gök önümler bilen bişiriliş resepti. Örän tagamly we aňsat resept, et agzyňyzda eräp gidýär. Edip görüň.
Içindäkiler — Dogralan et gök önümli taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 1 kg dogralan et
- 5 diş sarymsak
- 1 sogan
- 3 pomidor
- 3 bolgar burç
- 50 ml suýuk ýag
- Duz, burç, kekik
- 1 çemçe tomat
- 1 stakan suw
- 50 gram mesge
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Eti orta ululykda dogramaly.
- Duhowka üçin aýna gaba ýa-da bişirjek gabymyza salmaly.
- Sarymsaklary ikä bölüp ete goşmaly, duz, burç, kekik, suýuk ýag goşup garmaly.
- Sogany, pomidory, bolgar burçy dörde bölüp, üstüne deň edip goýmaly.
- Mesge böleklerini bölüp üstüne goýmaly.
- Bir stakanda suw bilen tomaty garmaly we etli gaba guýmaly.
- Gabyň üstüni duhowka üçin niýetlenen ýagly kagyz bilen ýapmaly, bugy çykmaz ýaly.
- 200 dereje gyzgyn duhowkada 2 sagat, ýa-da multiwarkada "wypeçka" rejimde 1 sagat bişirmeli.
Suratlary







-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.
gaty gowy