Goyun oňurgada ýumşak et, ýagy we iligi bişip ete gowy tagam berýär. Multiwarkaada ýa-da duhowkada bişirilende tagamy gök önumler bilen garyşman souslyja bolup bişýär.
Içindäkiler — Multiwarkada goýun oňurga taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 1 kg kesilen goýun oňurga eti
- 3 kartoşka
- 3 käşir
- 3 badamjan
- 3 bolgar burç
- 3 pomidor
- 1 sogan
- 5 diş sarunsak
- 1 çemçe tomat
- 50 ml suýuk ýag
- Duz, gara burç
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Sogany arassalap tegelek halka edip dogramaly, multiwarkanuň içine bir gat edip goýmaly.
- Kesilen goyun onurgasyny duzlap, burçlap bir gat goýmaly
- Bolgarburç, pomidor iri dograp bir gat goýmalyy
- Käşir, badamjan, kartoşkanyň daşlaryny aýyryp iri dograp goşmaly.
- Sarymsagy ownuk dograp goşmaly, duz we burç goşmaly.
- Bir stakan suwa 1 çemçe tomaty garyp guýmaly.
- Multiwarkada "wypeçka" rejimde 1 sagat bişirmeli.
Suratlary





-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.