Badamjanly ikra – multiwarkada

Badamjanly ikra – multiwarkada

Profil suradyTagamlar
45 resept
Ilkinji bolup depderiňe goş
Depderime goş

Içindäkiler — Badamjanly ikra – multiwarkada taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 sany sogan
  • 1 sany käşir
  • 8 sany badamjan
  • 2 sany bolgar burçy
  • 2 sany pomidor
  • 5 diş sarymsak
  • 3 nahar çemçesi ösümlik ýagy
  • ukrop we petruşka
  • duz

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Sogany ýarym halka şekline dogramaly. Multiwarkany gowurma (жарка) rejiminde işletmeli we içine ýag guýmaly. Dogralan sogany 5 minut gowyrmaly.
  2. Käşiri arassalap kiçi kubik şeklinde dogramaly, soganyň üstüne goşup 5 minut gowurmaly.
  3. Badamjanlary kubik şeklinde dograp multiwarka goşmaly we 10 minut gowurmaly. Käwagt multiwarkanyň içindäkileri bulamany unutmaň.
  4. Bulgurlary inçe edip dogramaly, multiwarka goşmaly we 5 minut gowurmaly
  5. Pamidorlary kubik şeklinde dogramaly, multiwarka goşmaly.
  6. Agyz tagamyna görä duzlamaly
  7. Multiwarkany tuşeniýe rejimine geçirmeli we wagtyny 1 sagat etmeli.
  8. Gutarmagyna 10 minut galanda kiçi dogralan sarymsaklary, ukrop we petruşkany goşmaly.

Suratlary

Badamjanly ikra – multiwarkada surat 1Badamjanly ikra – multiwarkada surat 2Badamjanly ikra – multiwarkada surat 3Badamjanly ikra – multiwarkada surat 4Badamjanly ikra – multiwarkada surat 5Badamjanly ikra – multiwarkada surat 6Badamjanly ikra – multiwarkada surat 7Badamjanly ikra – multiwarkada surat 8

Badamjanly ikra – multiwarkada senesinde bölümüne goşuldy. 1,693 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň