Içindäkiler — Farşly makaron taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 1 paket makaron 500 gram
- 300 gram farş
- 1 sogan
- 1 bolgar burç
- 3 diş sarymsak
- 30 ml suýuk ýag
- Ukrop petruşka
- Duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Bir gapda suw gaýnatmaly. Gaýnan soň içine makaron atmaly ,duzlamaly we 7-8 minut bişirmeli. Ýumşap ereýänçe bişirmeli däl. Makaron bişýän wagtynda çenli beýleki azyklary hem bişirip ýetişmeli.
- Skoworotkada ownuk dogralan sogany gowurmaly, üstüne farş goşmaly, duzlamaly we azajyk bişirmeli.
- Içine dogralan bolgar burçy we dogralan sarymsagy atmaly. Garyp gowuja bişirmeli.
- Makaron bişen soň suwyny süzüp aýyrmaly we bişen farş bilen garmaly.
- Tabaklara salyp üstüne gök ukrop petruşka sepmeli
Suratlary





-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.