Içindäkiler — Towukly Türkmen palow taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 2 towuk aýak
- 2 sogan
- 3 uly käşir
- 4 çaý käse tüwi
- 80 ml suýuk ýag
- Suw, duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Towuk aýaklaryny dogramaly, duzlamaly.
- Gazana ýag guýup towugy gowurmaly, çala gyzaran wagtu soganlary inçe dograp atmaly.
- Sogan gowu bişen soň inçe dogralan käşiri atmaly.
- Käşir bişýänçe garaşmaly, eger et köýjek bolsa azajyk suw goşmaly.
- Tüwini ýuwmaly we tekizjek edip gazana salmaly.
- Duz sepip, tüwiniň ýüzünden barmagyň birinji bogununa ýeter ýaly suw guýmaly.
- Odyny gaty goýup tüwi suwuny sorýança garaşmaly. Tüwi suwyny çekenden soň odyny peseldip buglanar ýaly uly çemçäniň sapy bilen düýbýne ýetýänçe 7-8 sany deşik açmaly. Gapagyny ýapyp 10-15 minut goýmaly. (Men palowymy bulaman bişirýän, çagalar şularýaly gowy görýär.)
- Salanyňyzda palowyň etini, käşirini sazlap owadanlap tarelkalara goýmaly. Palowymyz taýyn, Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary








-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.