Görnüşi owadan, agzyňda eräp gidýän lezzetli kebap iýesiňiz gelýän bolsa katletli badamjan kebaby göwnüňize ýarajakdyr. Hökman edip görüň, suratlaryny we pikirleriňizi biz bilen paýlaşyň.
Içindäkiler — Katletli badamjan kebaby taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 1 kg badamjan
- Suýuk ýag
- 500 gram farş
- 1 sogan
- 1 ýumurtga
- 2 diş ýenjilen sarymsak
- 1 çaý çemçe gara burç
- 1 çaý çemçe gyzyl burç
- Duz
- Ukrop petruşka
- Pomidor
- Inçe bolgar burç
- 1 stakan suw
- 1 çemçe tomat
- Duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Badamjanlary ýuwup guratmaly we barmak galyňlygynda tegelek edip kesmeli.
- Dogralan Badamjanlary ýagda gyzardyp kagyz solfetka goýmaly.
- Katlet üçin agzalan azyklary garmaly.
- Katlet şeklini edip tegelek gaba badamjan bilen gezekleşdirip katletleri goýmaly. Ikisem gutarýança etmeli.
- Ortasynda galan boş ýere pomidory we bolgar burçy dograp goýmaly.
- Tomat, suw we duzy garyp naharyň üstüne guýmaly.
- 170 dereje duhowkada ýa-da multiwarkada "Wypeçka" rejimde 30 minut bişirmeli.
- Kebabyň ýany bilen halaýan garniriňizi hem taýynlap saçaga goýup bilersiňiz. Men gaýnadylan tüwi garnirini edip nar sousy bilen bezedim. Işdäňiz açyk bolsyn!
Suratlary








Edenlerden Suratlar
1 adam bu resepti edip suradyny iberdi.
-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.