Bolgar burç ýa-da kelem dolamasy köplenç taýynlanýan naharlardyr. Edil şolar ýaly edip kaboçkili dolama hem bişirip bolýar. Kaboçkiden näme taýynlaýyn diýip gözleýänler üçin üýtgeşik bir dolama resepti.
Içindäkiler — Kaboçki dolama taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 7-8 sany kaboçki
- 200 gram üwelen et
- 1 bolgar burç
- 1 sogan
- 1 çemçe tomat
- Ýarym stakan tüwi
- 3 çemçe suýuk ýag
- 1 sany pomidor
- Duz, burç
- 1 çemçe tomat
- 1 stakan suw
- 3 diş sarymsak
- 1 stakan gatyk
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Kaboçkileri ortasyndan ikä bölüp içini kiçi çemçe bilen oýmaly.
- Sogan we bolgar burçy kiçi dogramaly. Üwelen et we pomidordan başga galan azyklary garmaly.
- Kaboçkiniň içini üwelen etli garyndy bilen doldurmaly, bir gazana goýmaly. Üstüne pomidory kesip gapajyk ýaly edip goýmaly.
- Tomat we suwy garyp sous etmeli we gazana guýmaly.
- Gazany haýal otda 1 sagat gapagyny ýapyp bişirmeli.
- Sarymsak bilen gatygy garyp tabaga goýulan kaboçkili dolamanyň üstüne guýup saçaga goýmaly.
Suratlary








-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.