Ali Nazik

Ali Nazik

Profil suradyTagamlar
45 resept
Ilkinji bolup depderiňe goş
Depderime goş

Ýogurtly badamjan we gowrylan et bilen taýynlanýan Ali Näzik nahary Türkiýäniň Gaziantep ilinde örän meşhurdyr. Bu nahar barada birnäçe rowaýat bar. Rowaýatlaryň birine görä 16-njy ýüzýylda Osmanly soltany Ýawuz Soltan Selim Antep iline gitmek üçin ýola çykýar. Bu habary eşiden halk patşa üçin dürli naharlar we süýjülikler taýynlaýar. Gaziantebe baran soltan onça tagamyň içinden ýogurtly badamjan we üsti gowrylan etli nahary halaýar we "Haýsy eli näzik bu nahary taýynlady?" diýip sorapdyr. Sondan soň bu nahara ilki bilen "Ala nazik" diýipdirler we soňra "Ali nazik" bolup atlandyrylypdyr. Öz wagtynda örän meşhur bolan Ali nazik naharynyň taýynlanyş tarybyny bu reseptden öwrenip öýüňizde bişirip bilersiňiz. Şeýle hem bu nahara meňzeş Çökertme kebaby we Hünkar begendi naharlaryna seredip bilersiňiz.

Içindäkiler — Ali Nazik taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

Begendisi üçin:
  • 1 kg badamjan (4 sany)
  • 1 stakan smetana (ýogurt, gaýmak)
  • 2 diş sarymsak
  • Duz
  • Gara burç
Üsti üçin:
  • 250 gram üwelen et
  • 1 sany sogan
  • 1 sany pomidor
  • 1 sany bulgar burç
  • 1 çaý çemçesi tomat

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Bakdamjanlaryň üstüni wilka bilen deşip duhowkada 200 derejede 20-30 minut ýumşaýança bişirmeli. Tagamy hakyky bolmagyny isleseňiz közde bişirmeli. Bişen soň daşyny aýyrmaly we kubik edip dogramaly.
  2. Üwelen eti ownuk dogralan sogan bilen saçda (skawarodka) biraz ýag bilen gowurmaly. Bir salymdan dogralan pomidor we dogralan bulgar burçy goşmaly. Pomidoryň suwy çykan soň tomat, duz we gara burç goşup bişirmeli.
  3. Sarymsagy ýençmeli (döwmeli) we smetana (yogurt) bilen garmaly. Dogralan badamjana duz we gara burç goşmaly, sarymsakly smetana bilen garmaly.
  4. Saçaga goýmak üçin tarelka ilki bilen garylan badamjany tekiz edip goýmaly. Üstüne bişen üwelen etimizi bir gat edip goýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn.
Goşmaça:
  1. Eger bişirilen üwelen et ýagsyz bolsa mesge bilen gury gyzyl burçy bişirip üstünden gezdirip bilersiňiz. Islege görä ýanyna garnir edip gaýnadylan tüwi taýynlap bolýär. Şeýle hem közlenen bulgar burç we pomidor bilen bezäp bolýar. Üwelen etiň ýerine dogralan et ýa-da dogralan towuk bilen bişirip bolýar.

Suratlary

Ali Nazik surat 1Ali Nazik surat 2Ali Nazik surat 3Ali Nazik surat 4Ali Nazik surat 5

Ali Nazik senesinde bölümüne goşuldy. 50 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň