Döner (шавурма) – öýde aňsat we arzan bişiriliş resepti. Daşarda satylýan dönerden 2-3 esse arzan, göwnüňize görä doldyrylan döner iýesiňiz gelse hökman edip görüň. Döneriň asyl tagam berýän zady sousydyr, isleseňiz sarymsaksyz hem edip bilersiňiz.
Içindäkiler — Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 400 gram towuk eti
- 4 sany lawaş
- 2 pomidor
- 2 hyýar
- 1 bulgar burç
- 1 kiçi sogan
- salat ýapragy we islege görä gök otlar
- 2 diş sarymsak
- 2 çemçe maýonez
- 1 çemçe ketçup
- 1 çaý çemçesi soýa sousy
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Towuk etini kiçi edip dogramaly, sünksiz bolmaly. Eti skawarodkada biraz ýag goşup çalaja gyzarýança gowurmaly, islegiňize görä duzlamaly.
- Pomidor, hyýar, sogan, bulgar burçy inçe edip kesmeli. Hersini aýry goýmaly. Dogralan sogany biraz eliňiz bilen ýumuryp ýitiligini azaltmaly. Gök otlary ownuk edip dogramaly.
- Sarumsagy ownuk dograp maýonez, ketçup, soýa sousy bilen garyp tagamly sous ýasamaly.
- Lawaşy açyp içine eti we taýynlan zatlarymyzy goýuşdyryp sous çalmaly we towlamaly.
- Islege görä duhowkada ýa-da grilde 2-3 minut goýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn!
Suratlary









-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.