Skip to content

Gamburger

Gamburger

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 90 | Bişirmek: ⏰ 15

Öýde taýynlanan gamburger resepti, aňsat we lezzetli.

Içindäkiler — Gamburger taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 500 gram üwelen et
  • Duz, burç
  • 1 sogan
  • 1 pomidor
  • 3 sany duzlanan hyýar
  • Salat ýapragy
  • Gamburger çöregi
  • Ketçup we maýonez islege görä
  • Suýuk ýag
  • 3 sany kartoşka

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Üwelen eti duz we burç goşup garmaly.
  2. Ýagly kagyza hamyr ýaly edip açmaly we uly käse bilen tegelek edip kesmeli. Mende 5 sanu tegelek boldy. Öwelen eti kagyzyň üstünde 1 sagat marozilnige goýmaly.
  3. Kartoşkalary inçe dogramaly we ýagda gowurmaly.
  4. Morozilnikdäki gamburger katletlerini ýagsyz skoworodkada iki tarapyna öwürip gowy edip bişirmeli.
  5. Gamburger çöregini keseligine ikä kesmeli. Iň aşagyna salat ýapragyny, katledi, inçe kesilen pomidor, duzlanan hyýar, sogan goýmaly. Islege görä ketçup we maýonez goşmaly we çöregiň üstüni ýapmaly. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Gamburger surat 1Gamburger surat 2Gamburger surat 3Gamburger surat 4Gamburger surat 5Gamburger surat 6

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 7,098 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň