Tort we keksleriň üstüne guýulýan şokolad sousynyň aňsat taýynlanyş resepti.
Içindäkiler — Öýde şokoladly sous taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 3 çemçe şeker
- 3 çemçe kakao
- 2 çemçe gaýmak
- 50 gram mesge
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Sous üçin gerekli harytlary kiçi skoworotka salyp haýal otda goýmaly.
- Gaýnaýança bulap bişirmeli, gaýnan soň ýene 3 minut garyp bişirmeli. Soň odyny öçürüp sowaýança her wagtdan bulap durmaly.
- Keks ýa-da tortyň üstüne guýjak bolsaňyz ortasyna guýmaly, galan gerine özi barýar.
Suratlary



-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.