Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 90 | Bişirmek: ⏰ 30
Süýji pesoçny köke ak we şokoladly hamyr bilen edilýän. Çagalar iýmäni halaýar.
Içindäkiler — Şokoladly pesoçny köke taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
24 sany köke üçin gerekli harytlar:
- 1,5 stakan un
- Gabardyjy
- Ýarym çaý çemçe duz
- 100 gram mesge
- Ýarym stakan şeker
- 1 ýumurtga
- 3 çemçe süýt
- Wanilin
- 170 gram şokolad
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Un, gabardyjy we duzy eläp bir gapda garmaly we bir gapdala aýyrmaly.
- Oda ýylylygyndaky mesgäni şeker bilen garmaly. Ýumurtganyň sarysyny, süýt we wanilin goşup ýene garmaly. Un garyndysyny goşup gowy edip garmaly.
- Hamyry iki bölege bölmeli. Şokolady mikrowolnowkada ýa-da suw banýasynda eretmeli we hamyryň birine goşmaly. Iki hamyram 30 minut holodilnikde sowatmaly.
- Her hamyr bölegini aýry ýaýmaly. Birini beýlekisiniň üstüne goýup rulet etmeli we 1 sagat holodilnige goýmaly.
- Hamyry 1 santimetr galyňlykda kesmeli we ýagly kagyz ýazylan protwine goýmaly. 200 dereje gyzdyrylan dohowkada 5-7 minut bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn!
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Süýji pesoçny köke ak we şokoladly hamyr bilen edilýän. Çagalar iýmäni halaýar.
IÇINDÄKILER:
24 sany köke üçin gerekli harytlar:
• 1,5 stakan un
• Gabardyjy
• Ýarym çaý çemçe duz
• 100 gram mesge
• Ýarym stakan şeker
• 1 ýumurtga
• 3 çemçe süýt
• Wanilin
• 170 gram şokolad
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Un, gabardyjy we duzy eläp bir gapda garmaly we bir gapdala aýyrmaly.
✔ Oda ýylylygyndaky mesgäni şeker bilen garmaly. Ýumurtganyň sarysyny, süýt we wanilin goşup ýene garmaly. Un garyndysyny goşup gowy edip garmaly.
✔ Hamyry iki bölege bölmeli. Şokolady mikrowolnowkada ýa-da suw banýasynda eretmeli we hamyryň birine goşmaly. Iki hamyram 30 minut holodilnikde sowatmaly.
✔ Her hamyr bölegini aýry ýaýmaly. Birini beýlekisiniň üstüne goýup rulet etmeli we 1 sagat holodilnige goýmaly.
✔ Hamyry 1 santimetr galyňlykda kesmeli we ýagly kagyz ýazylan protwine goýmaly. 200 dereje gyzdyrylan dohowkada 5-7 minut bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn!
Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 90 | Bişirmek: ⏰ 30
📷 Suratlary → https://tagamlar.com/resept/sokoladly-pesocny-koke/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap