Käşirli keks

Käşirli keks

Profil suradyTagamlar
31 resept
2 adamyň depderinde
Depderime goş

Içindäkiler — Käşirli keks taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 2 ýumurtga
  • 1 stakan şeker
  • 1 stakan un
  • 2 sany käşir
  • 1 paket wanilin
  • 1 paket gabardyjy paraşok
  • 5 gram kakao
  • 40 gram şokolad
  • 30 gram suýuk ýag

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ýumurtga bilen şekeri bir gapda köpürjükledip garmaly. Mikser bilen garsa hem bolýar.
  2. Wanilin, gabardyjy, kakao we uny goşup ýene garmaly
  3. Käşiri syhahdan ýa-da kombaýndan geçirip hamyra goşmaly we garmaly. Suýukrak hamyr emele gelmeli.
  4. Multiwarkada ýada duhowkada bişirip bolýar. Biz multiwarkada bişirýäris. Bişirjek gabymyzyň kenarlaryny ýaglamaly. Hamyry gabyň içine guýup "Wypeçka" rejiminde 1 sagat goýmaly.
  5. 30 minut geçen plitka şokolady 20 sany kiçijek kwadratlara bölmeli we multiwarkanyň gapagyny açyp keksiň her ýerine dikligine sokmaly.
  6. Bişen soň bişirýän gabymuzu ters öwürüp kekimizi bir ýäsy tabaga almaly. Lezzetli käşir kekimiz taýyn. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Käşirli keks surat 1Käşirli keks surat 2Käşirli keks surat 3Käşirli keks surat 4Käşirli keks surat 5Käşirli keks surat 6Käşirli keks surat 7Käşirli keks surat 8Käşirli keks surat 9Käşirli keks surat 10

Käşirli keks senesinde bölümüne goşuldy. 2,662 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň