Içi almaly, bişirilşi aňsat keks resepti. Ak we kakoly iki keks etdim, içini kesip ýerlerini çalyşsaň owadan iki renkli keks bolýar. Içindäkiler azyk harytlary hem iki keks üçin ýazyldy.
Içindäkiler — Almaly keks taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 4 ýumurtga
- 2 stakan şeker
- 2 stakan un
- 2 paket wanilin
- 2 paket gabardyjy paraşok
- 1 çaý çemçe kako
- Ösümlik ýagy (bişirýän gabymyza çalmak üçin)
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Ýumurtga we şekeri mikser bilen garmaly.
- Un, wanilin, gabardyjy paraşok goşup ýene garmaly.
- Almalary iri kesip, içini arassalamaly we blenderde ownuk dogramaly. Hamyra goşmaly we garmaly. Suýukrak hamyr bolýar.
- Keks bişirjek gabymyza ýag çalmaly, we hamyryň ýaryny guýmaly. Multiwarkada 1 sagat "Wypeçka" rejimde bişirmeli.
- Galan hamyra kakao goşup garmaly we ony hem aýry 1 sagat bişirmeli.
- Bişen kekslary köke kesýän şekiljik bilen içini kesip ýerlerini çalyşmaly. Iki sany owadan iki renkli keksimiz taýyn. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary








-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.