Almaly pirog

Almaly pirog

Profil suradyvici
15 resept
1 adamyň depderinde
Depderime goş

Howur peçde (duhowkada) täze bişen almanyň süýji wanilin bilen birleşýän ýakymly ysyny halaýaňyzmy? Onda bu almaly pirog resepti siziň üçin. Klassiki almaly pirogdan (şarlotka) tapawutly bu resept ýönekeý keks hamyryna edilen aňsat pirogyň tarypy.

Içindäkiler — Almaly pirog taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 3 alma (gaty sorty bolsa gowy)
  • 3 ýumurtga
  • 1 stakan seker
  • 1 stakan un
  • 100 mlg günebakar yagy
  • 1 sany wanilin
  • 1 sany gabardyjy

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ýumurtganyñ agy bilen sarysyny aýyrmaly. Agy bilen sekeri mikseriň kömegi bilen çisyänçe garmaly.
  2. Üstüne ýumurtganyñ sarysyny, un, ýag, wanilin, razryhlitel goşup garmaly.
  3. Hamyry ýaglanan pirog bişirýän galybymyza salmaly.
  4. Almalary inçe çilim şeklinde kesmeli we hamyryň üstüne owadan edip örmeli.
  5. Duhowkanda 180 derejede 30 minut bişirmeli. Bişen pirogyň içine çöp sokup içiniň çyg däldigini barlamaly. Eger çyg bolsa ýene bir salym duhowkada bişirmeli. Çaý bilen iýmäne tagamly almaly pirogyňyz taýyn. Işdäňiz açyk bolsun!

Suratlary

Almaly pirog surat 1Almaly pirog surat 2Almaly pirog surat 3Almaly pirog surat 4Almaly pirog surat 5Almaly pirog surat 6Almaly pirog surat 7

Almaly pirog senesinde bölümüne goşuldy. 177 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň