Bägül şekilli almaly ştrudel

Bägül şekilli almaly ştrudel

Profil suradyResept
19 resept
2 adamyň depderinde
Depderime goş

Ştrudel - dürli naçinkaly, köplenç almaly, hamyrdan rulet şeklinde bişirilýän süýji desert. Ştrudel Awstriýada, Wengriýada, Germanýada, Çehiýada örän meşhur. Köplenç almaly, armytly we üljeli ştrudeller bişirilýär. Ştrudeliň ilkinji bilinýän resepti 1696 ýylynda Wenada çap edilen, awtory näbelli bolan, reseptler kitabynda duşýar. Men siziň bilen almaly ştrudeliň bägül şekilli bişirilişini paýlaşjak.

Içindäkiler — Bägül şekilli almaly ştrudel taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 50 gram maňyz (arahis)
  • 50 gram kişmiş
  • 3 sany alma
  • 200 gram şeker
  • 1 çaý çemçesi şeker tozy
  • 1 çaý çemçesi koritsa
  • 40 gram mesge
Hamyr üçin:
  • 150 gram un
  • 100 ml suw
  • 1 çemçe ösümlik ýagy
  • duz

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ýumşak hamyr ýuwurýas we otag ýylylygynda 1 sagat pakeda orap goýýas.
  2. 1 alamny ortasyndan ikä kesip, çigidini aýyrmaly. Inçe ýarym tegelek şeklinde kesmeli. 1 litr suwa 100 gram şeker goşup otda gaýnatmaly. Ýarum tegelek şeklinde kesilen almalary gaýnaýan suýji suwda 2-3 minut saklap çykramaly we sowatmaly.
  3. Beýleki 2 almany kiçi kubik şeklinde dogramaly. Içine owradylan maňyzy, galan 100 gram şekeri, koritsa, kişmiş goşup naçinkany garmaly.
  4. Mesgäni haýal otda eretmeli.
  5. Hamyry köpräk un bilen inçejik edip ýaýmaly we 25 santimetr uzynlykda 10 santimetr inli lenta şeklinde kesmeli. 6-7 bölek bolýar.
  6. Bägülleri ýasaýas. Ýaýylyp kesilen hamyra mesge çalmaly, inçejik edip maňyzly almaly naçinkany goýaly. Ýokarky bölegine alma halkalary ýarym santimetr çykar ýaly edip goýmaly. Aşakdan 1 santimetr bükmeli we towalak edip dolamaly. Bägül şeklinde ştrudeli dikligine ýagly gaba ýada ýagly kagyza goýmaly. Gowy bişer ýaly bägülleri kiçiräk etmeli.
  7. Duhowkada 180 derejede 25 minut bişirmeli. Çykaran soň galan eredilen mesgäni ütüne çalyp şeker tozy sepmeli.
  8. Ştrudeli ýylylygyna iýmeli. Bägül şekilli şrtudeller owadan we örän tagamly. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Bägül şekilli almaly ştrudel surat 1Bägül şekilli almaly ştrudel surat 2Bägül şekilli almaly ştrudel surat 3Bägül şekilli almaly ştrudel surat 4Bägül şekilli almaly ştrudel surat 5Bägül şekilli almaly ştrudel surat 6Bägül şekilli almaly ştrudel surat 7Bägül şekilli almaly ştrudel surat 8Bägül şekilli almaly ştrudel surat 9Bägül şekilli almaly ştrudel surat 10Bägül şekilli almaly ştrudel surat 11

Bägül şekilli almaly ştrudel senesinde bölümüne goşuldy. 257 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň