Owadanja bükülen otly we kartoşkaly somsa resepti.
Içindäkiler — Otly somsa taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
Hamyry ucin:- 1 sany ýumurtga
- 50 gr mesge yagy
- Suw
- 4.5 stakan un
- 0.5 çay çemce duz
- 2 bogdak ysmanak
- 3 sany ýaş sogan
- 1 sany duyp sogan
- 1 sany kartoşka
- 100 ml ösümlik ýagy
- Duz
- Burç
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Ilki bn hamyrymyzy ýugurmaly. Ýumurtgany, mesgäni, duzy goýup suwyny guýup govy garmaly. Sonra ununy goyup yumşajyk ele yapyşmaýan hamyr ýugurmaly. Hamyry 15 minut töweregi üstuni ýapyp demini alýança goýmaly.
- Ysmanagy we ýaş sogany uşajyk dogramaly we uly jama salyp gyra aýyrmaly.
- Kartoşkany sogany maýdajyk dograp bir taba ýagy guýup, ýagda ýumşaýança gowurmaly we gyzgynlygyna ysmanagyn ustune guýup duzuny burçuny islega gorä atyp gowy garmaly.
- Hamyry 4 zowala bölmeli we birini alyp gaty yuka bolmadyk şekilde ýaýmaly. Suratda gornüşi ýaly 4 burçluklara bölemeli. Içine ysmanakly harjymyzy bir nahar çemçeden goýup 4 burç şekilde bükmeli. Eger siz isleseniz başga gornuşde hem büküp bilersiñiz.
- Howur pejin galybyny yaglap somsalary düzüp 170-180° ýuzi gyzarýança bişirmeli. Işdaniz açyk bolsun!!!
Suratlary













-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.