Köplenç üçburç şekilde görmäne öwrenşen somsalarymyzy uzynja örülene meňzeş edilip bişiriliş resepti.
Içindäkiler — Etli owadan somsa taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 300 gr. üwelen sygyr eti (yada islegine görä et)
- 250-300 gr. sogan
- Duz we burç islege görä goşup bilersiňiz
- 1 yumurtga sarysy üstüne çalmaga
- 500 gram mesge ýa-da margarin
- 3 stakan un
- 200 ml. otag temperaturada suw
- 1 yumurtga
- 1 nahar çemçesi limon kislotasy
- 0.5 çemçe duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Hamyry üçin gerekli azyk önümlerini goşup garmaly.
- Sogany ownuk dograp üwelen et bilen garmaly, duz burç islege görä goşmaly.
- Hamyry kiçi böleklere bölüp inçe edip açmaly. Içine eti goýup iki gyrasyny bezäp ortada bolar ýaly edip birleşdirmeli.
- Protwine ýag çalmaly we bükülen somsalary düzmeli. Ýalpyldar ýaly somsalaryň üstüne ýumurtganyň sarysyny çalmaly.
- Höwür peçde (duhowka) 220 gradusda 30 minut üsti gyzarýança bişirmeli.
Suratlary



-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.