Pogaça bulka

Pogaça bulka

Profil suradyvici
16 resept
3 adamyň depderinde
Depderime goş

Pogaçany men hemişe taýýar satyn alyp iýýätdim. Soňra özümem reseptlerini gözleşdirip başladym. Görüp otursam munuň birnäçe dürli görnüşleri bişirilýän eken. Men hem her gezek bir görnüşini bişirip görüp bşladym. Hemmesem bir kemsiz gowy, owadan we tagamly bolýardy. (Öýdäkilerä hezil edip iýýärler) Siziň bilen hem bir görnüşiniň reseptini paýlaşdym. Nesip bolsa beýleki görnüşleriniňem (syrly, bally, we ş.m) reseptlerini hökman goşaryn.

Içindäkiler — Pogaça bulka taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 stakan ýyly süýt
  • 250 gram otag temperaturasynda mesge
  • Ýarym stakan suýuk ýag
  • Ýarym satakan otag temperaturasynda gatyk
  • 1 ýumurtganyň agy
  • 1 paket gabartma tozy
  • 1 nahar çemçe üzüm sirkesi
  • 1 çaý çemçesiniň ujy bilen soda
  • Duz
  • Alyşyna görä un
Ýüzüniň bezegi üçin: 1 ýumurtga sarysy, künji we mak.

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Gabymyza sodany we gatygy guýakyň, garyşdyralyň we bäş minutjyk garaşalyň. Soňra hemme önümlerimizi goşalyň we elimiz bilen biražajyk garyşdyralyň. Elenen unumyzy biraz-birazdan goşup, elimiz bilen hamyrymyzy ýuguryp başlalyň. Netijede ýumşajyk hamyr etmeli.
  2. Soňra pogaçalara isleýşimiz ýaly şekil bereliň we ýaglanan ýa-da pergament kagyzy ýazylan duhowkanyň protiwenine düzeliň. Soňra ýüzüne ýumurtga sarysyny çalyp, künji we mak sepişdirip bilersiňiz. Menä 30 minut ýaly ýylyja ýerde goýup biraz çişmegine garaşýaryn. Indi bolsa 175 gradus ýyladylan duhowka pejimize salyp bişirip bileris. 😉
  3. Noş bolsun!...

Pogaça bulka senesinde bölümüne goşuldy. 15,655 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň