Pişme

Pişme

Profil suradyResept
23 resept
Ilkinji bolup depderiňe goş
Depderime goş

Türkmen saçagynyň gadymdan gelýän tagamlarynyň biri. Baýramlarda, toýlarda, hudaýollylarda bişirilýar we çaýyň ýany bilen saçaga goýulýar.

Içindäkiler — Pişme taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 4-4,5 bulgur un
  • 200 ml gatyk
  • 1 sany ýumurtga
  • Şeker (islege görä, goşmasaňam bolyar)
  • Gabartma tozy
  • 150 ml toweregi ýyly suw
  • 1 çay çemçe duz
  • Ösumlik ŷagy (bişirmek üçin)

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Giňiş gaby alýarys içine ýumurtgany, gatygy, şekeri we suwy, duzyny salyp gowy edip şekeri ereýänçe garmaly.
  2. Soňra ununy hem-de gabartma tozuny ýuwaş-ýuwaşdan goşup ýumşajyk hamyr ýugurmaly. Sizde uny kop ya-da az gitmegi mumkin mende 4,5 bulgur gitdi.
  3. Hamyry 4 zowala bölmeli we 10 min üstüni yapyp demine goýmaly.
  4. Pişmani bişirjek ŷagymyzy gyzdyryp goymaly.
  5. Hamyry tegelek gornüşde ýaýyp pişme görnüşinde ölçegni öz islegiňize görä edip kesmeli.
  6. Pişmeleri gyzan ýagymyza atyp iki tarapyny öwrüp gyzarýança bişirmeli. Pişmeleri bişirjek wagtynyz ýaýyp kesmekligi maslahat berýärin öňünden kesip goýsaňyz pişmaniň görnüşi üytgäp biler. Işdaňiz açyk bolsun!!!

Suratlary

Pişme surat 1Pişme surat 2Pişme surat 3Pişme surat 4Pişme surat 5Pişme surat 6Pişme surat 7Pişme surat 8

Pişme senesinde bölümüne goşuldy. 155 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň