Kekes - islän wagtyňyz çaý ýa-da kofejik bilen iýer ýaly süjijek, şokoladlyja, keýpiňizi göteraýjek bir desert.
Içindäkiler — Şokoladly keks taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 1.5 bulgur şeker
- 1 bulgur (200 ml) süýt
- 3 ýumurtga
- 0.5 bulgur ösümlik ýagy
- 1.5 bulgur un
- 1 gabartma tozy
- 1 wanelin
- 25 gr (1 paket) kakao
- 2 bulgur süýt
- 0.5 bulgur şeker
- 50 ml (yarty bulgurdan az) ösumlik ýagy
- 25 gr kakao
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Giň gaba 3 yumurtga bn 1.5 bulgur şekeri salyp kopükleyänçe garmaly.
- 1 bulgur süyt bn ýarty bulgur ýagy goşmaly. Soňra kakao, wanilin, gabartma tozuny we 1.5 bulgur ununy yuwaş-yuwaşdan goşup gowy edip garyşdyrmaly.
- Ýaglanan galyba garyndyny hemme ýerine deň düşer ýaly edip guýup 170°-de 40-45 minut toweregi howur peje salyp bişirmeli.
- Kekimiz bişyänçe sousyny taýynlamaly. Bir gapda 2 bulgur gyzgyn süyde ýarty bulgur şekeri, kakaony, ösümlik ýagy goşup şekeri ereýänçe gowja edip garmaly. Sousymyz taýýar.
- Kekimiz bişeninden soň agaç çöpjagazy kekimizin her yerine dürtup cykmaly sousyny gowy çeker ýaly.
- Gyzgyn kekiň üstüne sousyny hemme ýerine deñ edip aýlap guýmaly.
- Sowan kekimizi islega göra bezäp saçaga äbermeli. Keksleri islegiňize görä bezap bilersiňiz, men ýürejik şekilli ak şokolad bilen bezedim. Işdäňiz açyk bolsun!
Suratlary








-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.