Içi kädili, üsti şokolad sously banan bizlen bezelen zebra keks resepti.
Içindäkiler — Kädili zebra keks taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
Hamyr üçin:- 200 gram kädi
- 200 gram şeker
- 200 gram un
- 2 ýumurtga
- 1 çemçe kako
- 5 gram wanilin
- 10 gram gabardyjy paraşok
- 3 çemçe şeker
- 3 çemçe kakao
- 2 çemçe gaýmak
- 50 gram mesge
- 1 banan
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Ýumurtga bilen şekeri mikserde köpürjük bolýança garmaly.
- Un, gabardyjy, wanilin goşup ýene garmaly.
- Kädini týorkadan ýada kombaýndan geçirip hamyra goşmaly we garmaly. Hamyryň ýarysyny başga gaba geçirmeli we biriniň içine kakao goşup garmaly.
- Keks bişirjek gabymyzyň ortasyna 1 uly çemçeden gezekleşdirip ak we kakoly hamurdan goýmaly.
- Duhowkada ýa-da multiwarkanyň "Wypeçka" rejiminde 1 sagat bişirmeli.
- Şokoladly sous üçin gerekli harytlary kiçi gapda oda goýmaly we gaýnaýança garyp bişirmeli. Gaýnan soň ýene 3 minut garyp bişirmeli. Keks bişýänçe sowamana goýmaly.
- Bişen keksi çöp sokup barlap görüň, göpümiz gury bolup çyksa içi hem bişenligini aňladýar.
- Keksimiziň ortasyna şokolad sousyny guýmaly, galan ýerine sousyň özi dagaýar.
- Banany tegelek edip kesmeli we keksiň üstüne bezäp goýmaly.
- Sousyň tagamy kekse siňer ýaly keksi 1-2 sagat holodilnikde goýup diňlendirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary










-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.