Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 25 | Bişirmek: ⏰ 10
Owadan görnümli, tagamly, taýyn kökeden edilýän bananly ýa-da ýertut hem ulanyp boljak piramida şekilli keks resepti.
Içindäkiler — Banan we kökeden piramida keks taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 1,5 paket petibor köke
- 1 banan
Içiniň kremi üçin:
- 4 stanak süýt
- 1.5 stakan şeker
- 3 çemçe un
- 2 çemçe kakao
- 1 çemçe mesge
- 1 wanilin
Üsti üçin:
- 2 çemçe gaýmak
- 3 çemçe şeker
- 2 çemçe kakao
- 1 çemçe mesge
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Ilki bilen içinin kremini edeliň. Mesge we wanilinden başga harytlary bir gazana goýup wençik bilen garmaly. Haýal oda goýup gaýnaýaça bişirmeli we bulap durmaly. Gaýnan soň 4 minut ýene bulap bişirmeli. Kökeleriň üstüne çalar ýaly goýy bir krem emele gelmeli. Odyny öçürüp mesge we wanilini goşmaly we garmaly, mesge remeli. Kremi biraz sowatmaly.
- Kökeleri inine 3 boýuna 4 sanu boljak şekilde suratdaku ýaly edip streç plýonkanyň üstüne düzmeli. Eden kremimizi üstüne çalmaly we ýene köke goýmaly. Bu şekil gezekleşdirip köke we kremi ulanmaly. Ortaky hatarda 2 gat köke, gyralarda 4 gat köke bolmaly.
- Ortasyna bananumuzu goýmaly. Streç bilen iki gapdalky kökeleri galdyryp suratdaky ýaly ýokarda birleşdirmeli we piramida şeklini emele getirmeli. Holodilnige goýup azyndan 4 sagat saklamalay. Gijesi bilen dursa has gowy bolýar.
- Üsti Üçin gerekli harytlary bir gazana goýup garmaly we gaýnaýança haýal otda garyp bişirmeli. Gaýnan soň ýene 3 minut bişirmeli. Piramida şekilli keksimiziň daşyndaky streç plýonkany aýyrmaly. Keksiň üstüne şokoladly kremi çalmaly.
- Üstüne guýulýan kremiň kakaonyň ýerine un ulanyp ak wersiýasyny hem edip üstüne ak çyzyklar çyyp bezeseňiz bolýar. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Owadan görnümli, tagamly, taýyn kökeden edilýän bananly ýa-da ýertut hem ulanyp boljak piramida şekilli keks resepti.
IÇINDÄKILER:
• 1,5 paket petibor köke
• 1 banan
Içiniň kremi üçin:
• 4 stanak süýt
• 1.5 stakan şeker
• 3 çemçe un
• 2 çemçe kakao
• 1 çemçe mesge
• 1 wanilin
Üsti üçin:
• 2 çemçe gaýmak
• 3 çemçe şeker
• 2 çemçe kakao
• 1 çemçe mesge
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Ilki bilen içinin kremini edeliň. Mesge we wanilinden başga harytlary bir gazana goýup wençik bilen garmaly. Haýal oda goýup gaýnaýaça bişirmeli we bulap durmaly. Gaýnan soň 4 minut ýene bulap bişirmeli. Kökeleriň üstüne çalar ýaly goýy bir krem emele gelmeli. Odyny öçürüp mesge we wanilini goşmaly we garmaly, mesge remeli. Kremi biraz sowatmaly.
✔ Kökeleri inine 3 boýuna 4 sanu boljak şekilde suratdaku ýaly edip streç plýonkanyň üstüne düzmeli. Eden kremimizi üstüne çalmaly we ýene köke goýmaly. Bu şekil gezekleşdirip köke we kremi ulanmaly. Ortaky hatarda 2 gat köke, gyralarda 4 gat köke bolmaly.
✔ Ortasyna bananumuzu goýmaly. Streç bilen iki gapdalky kökeleri galdyryp suratdaky ýaly ýokarda birleşdirmeli we piramida şeklini emele getirmeli. Holodilnige goýup azyndan 4 sagat saklamalay. Gijesi bilen dursa has gowy bolýar.
✔ Üsti Üçin gerekli harytlary bir gazana goýup garmaly we gaýnaýança haýal otda garyp bişirmeli. Gaýnan soň ýene 3 minut bişirmeli. Piramida şekilli keksimiziň daşyndaky streç plýonkany aýyrmaly. Keksiň üstüne şokoladly kremi çalmaly.
✔ Üstüne guýulýan kremiň kakaonyň ýerine un ulanyp ak wersiýasyny hem edip üstüne ak çyzyklar çyyp bezeseňiz bolýar. Işdäňiz açyk bolsyn.
Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 25 | Bişirmek: ⏰ 10
📷 Suratlary → https://tagamlar.com/resept/banan-we-kokeden-piramida-keks/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap