Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 90 | Bişirmek: ⏰ 30
Söýgüliler güni ýa-da aýal gyzlaryň baýramy bolsyn saçagymyzy ýürejikler bilen bezäsimiz gelýändir. Başga günler hem maşglaamyzy, ejelerimizi, çagalarymyzy söýýanimizi ýürek şekilli owadanja bulkajyklar bilen görkezmek isleňiz bu reseptden öwrenip bilersiňiz. Dükanlarda ýürek şekilli bulkadyr kökelere gabat gelýän bolsaňyz bu reseptde şol yürek şeklini nädip ýasamalydygyny öwrenersiňiz.
Içindäkiler — Ýürek bulka taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 400 gr un
- 150 ml süýt
- 150 gr şeker
- 50 ml suw
- 100 gr mesge ýagy
- 2 sany ýumurtga (birinji sarysy üstüne)
- 3 çemçe ösümlik ýagy
- 1 nahar çemçe gury hamyrmaýa
- 0.5 çaý çemçe duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Giň gaba uny, hamyrmaýany we 50gr şekeri salmaly we garmaly.
- Ýyly süýdi, suwy, eredilen mesgani we yumurtgany, duzy garyp ýumşajyk hamyr ýugurmaly. Hamyryň üstüni yapyp bir sagat töweregi ýyly ýerde hamyr çişýänçe goýmaly.
- Soňra hamyry alyp ýumurtgadan ulurak zowalajyklara bölmeli. Zowalany ýaýyp ýüzüne ösümlik ýagyny çalyp şeker sepip dolamaly we dolanan hamyry 2-ä epläp eplen ýerini gowja bükmeli. Dolamanyň bowründen 2 sm goýup keseli we ýürejik şekil yasamaly.
- Bulkalary galyba ýerleşdirip 15-20 min goymaly has gowy çişer yaly soňra ýüzüne ýumurtga sarysyny çalyp 180° howurpeje salyp 30-35 min bişirmeli. Işdaňiz açyk bolsun!
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Söýgüliler güni ýa-da aýal gyzlaryň baýramy bolsyn saçagymyzy ýürejikler bilen bezäsimiz gelýändir. Başga günler hem maşglaamyzy, ejelerimizi, çagalarymyzy söýýanimizi ýürek şekilli owadanja bulkajyklar bilen görkezmek isleňiz bu reseptden öwrenip bilersiňiz. Dükanlarda ýürek şekilli bulkadyr kökelere gabat gelýän bolsaňyz bu reseptde şol yürek şeklini nädip ýasamalydygyny öwrenersiňiz.
IÇINDÄKILER:
• 400 gr un
• 150 ml süýt
• 150 gr şeker
• 50 ml suw
• 100 gr mesge ýagy
• 2 sany ýumurtga (birinji sarysy üstüne)
• 3 çemçe ösümlik ýagy
• 1 nahar çemçe gury hamyrmaýa
• 0.5 çaý çemçe duz
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Giň gaba uny, hamyrmaýany we 50gr şekeri salmaly we garmaly.
✔ Ýyly süýdi, suwy, eredilen mesgani we yumurtgany, duzy garyp ýumşajyk hamyr ýugurmaly. Hamyryň üstüni yapyp bir sagat töweregi ýyly ýerde hamyr çişýänçe goýmaly.
✔ Soňra hamyry alyp ýumurtgadan ulurak zowalajyklara bölmeli. Zowalany ýaýyp ýüzüne ösümlik ýagyny çalyp şeker sepip dolamaly we dolanan hamyry 2-ä epläp eplen ýerini gowja bükmeli. Dolamanyň bowründen 2 sm goýup keseli we ýürejik şekil yasamaly.
✔ Bulkalary galyba ýerleşdirip 15-20 min goymaly has gowy çişer yaly soňra ýüzüne ýumurtga sarysyny çalyp 180° howurpeje salyp 30-35 min bişirmeli. Işdaňiz açyk bolsun!
Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 90 | Bişirmek: ⏰ 30
📷 Suratlary → https://tagamlar.com/resept/yurek-bulka/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap