Skip to content

Jemli buloçkalar

Jemli buloçkalar

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 60 | Bişirmek: ⏰ 40

Yumşajyk süýjije jemli bulkalar.

Içindäkiler — Jemli buloçkalar taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 450-500gr un
  • 250ml ýylyja süýt
  • 7gr hamyrmaýa
  • 75gr şeker
  • 1 sany ýumurtga
  • 40gr mesge ýagy
  • 30ml günebakar ýagy
  • 1 çaý çemçe wanilin
  • 0.5 çaý çemçe duz
  • 120gr jem ýa-da mürepbe (şokolad)
  • 1 sany ýumurtga sarysy

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ilki bilen ýylyrak süýdimizi, hamyrmaýa we şekerimizi gabymyza salyp garyşdyrýas we 10-15 minut garaşýas.
  2. Soňra bolsa eredilen mesge ýagy, günebakar ýagy wanilin we duzy salyp garyşdyrýas.
  3. Unu az-azdan salyp ýumşajyk hamyr taýýarlaýarys we ustuni ýapyp 1-1.5 sagat garaşyas.
  4. Indi hamyry 15 sany bir hil böleklere bölýäris we peç listine ýerleşdirýäris. Hamyr bölekleriniň üstüni cukurjyk edip alýarys we üstüni polietilen bilen ýapýas, 20 minut garaşýas.
  5. Sonra şol cukurjylary jem yada mürepbe (şokolad) bilen doldurýas. Üstüne ýumurtga çalyp 190 gradus gyzan peçde 25-30 minut bişirýäris.
  6. Bulochkalar sowandan soň üstüne şeker pudrasyny sepýäris we buloçkalar taýýar. ISHDANIZ ACYK BOLSUN!

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 335 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň