Dükanlarda satylýan tagamly şokoladly kökeleri bu resept bilen öýde hem edip bilersiňiz. Kakaoly gara şokolad (süýtli däl) bilen etmeli va-da M&M damja şokolad ulansa bolýar.
Içindäkiler — Şokoladly köke taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 2 stakan un
- Ýarym çaý çemçe soda
- Ýarym çaý çemçe duz
- 150 gram mesge
- Bir ýarym stakan şeker
- wanilin
- 1 ýumurtga
- 1 ýumurtganyň sarysy
- 300 gram kakaoly gara şokolad
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Duhowkany 170 dereje gyzdyrmaly. Protwine ýagly kagyz ýazmaly.
- Un, soda, duzy bir gapda elekden geçirip garyp goýmaly.
- Uly gapda eredilen mesge bilen şekeri garmaly. Wanil, ýumurtga we ýumurtganyň sarsyny goşum gowy edip garmaly. Unly garyndyny goşup ýene garmaly.
- Şokolady ownuk böleklere dogramaly we hamyra goşup garmaly.
- Çemçäni doldurup hamyry protfine goýmaly, bişirilen wagty ýazylyp bidýanligi üçin aralarynda 7-8 santimetr boşluk bolmaly.
- Gydyrylan duhowkada 15-17 minut gyralary çala gyzarýança bişirmeli. Birnäçe minut protfinde sowadyp başga gaba aýyryň.
- Kofe ýa-da gyzgyn çaý bilen iýmek diýseň lezzetli. Işdäňiz açyk bolsyn!
Suratlary



-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.