Süýji, turşumtyk, mylaýym ýaly dürli tagamlary yzygider we aýratynlykda dadyp biljek smuzi (smoothie) koktelini içesiňiz gelýärmi? Onda bu resept hut siziň üçin. Içen wagtyňyz dürli duýgylary ýaşadaýar we göwnüňizi açýar.
Içindäkiler — Älemgoşar smuzi taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
Gyzyl renk üçin:- 200 gram ýertudana (klubnika)
- 1 alma
- 2 çemçe doňdurma
- 4 kubik (60 gram) şokolad
- 50 gram maňyz
- 100 gram gaýmak (smetana)
- 5-10 gram kakao
- 1-2 kiwi
- 50 gram ysmanak ýa-da şawel oty
- 1 çümmük narpyz
- 1/2 banan
- 1/4 pyrtykal
- 1/2 käşir
- 2 sany ýertudana
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Her renk üçin görkezilen azyklary aýryatynlykda blenderde garmaly. Eger gaty suýuk bolsa bir mukdar banan goşsa bolýar. Her renkden soň blenderi arassa suw bilen çaýkamaly.
- Renkleri stakana kiçi çemçejik bilen ýuwaşjadan goýmaly.
- Islesege görä üstüne biraz doňdurma goýup miweler bilen owadanja edip bezemeli. Işdäňiz açyk bolsyn!
Suratlary








-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.