Pyşdyljyk (черепашка) tort. Taýynlamak aňsat, bişirmek gerek däl, diýseň tagamly tort tarypy. Siz hem edip görüň we teswiriňzi ýazyň!
Içindäkiler — Ak kökeden çerepaşka tort taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 250 gram (10-12sany) gaýmakly ak köke
- 250 ml gaýmak (smetana)
- 1-2 banan (islega gorä)
- 100 gram şeker
- 50 gram şokolad
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Ak kökeleri dogramaly we banany dogramaly.
- Gaýmagy şeker bilen garmaly ereyänçe bulamaly.
- Bir çuñ jäş gap almaly we içine streç pakedini ýazmaly soňra içine gaýmak, ak köke, banany gezekleşdirip gat-gat edip düzmeli we iň yokarsyna gaŷmagy çalyp yüzüni streç bn ýapmaly.
- Tortumyzy holodilnikda 6-7 sagat goýmaly.
- Taýar bolan tortumyzy tarelka goýup islege gora bezemeli. Men şokolady eredip üstüni bezedim, siz dürli miweler bilen hem bezäp bilersiňiz. Işdäňiz açyk bolsun!
Suratlary











-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.