Gaýmakly sousda kömelekli towuk

Gaýmakly sousda kömelekli towuk

Profil suradyDon Carleone
1 resept
1 adamyň depderinde
Depderime goş

Siziň dykgatyňyza gaýmakly sousda süňki aýrylan jylka towuk etinden kömelekli nahary hödürleýärin hem-de agzybir maşgalaňyz bilen agşamlyk naharyny edinmekligi meýilleşdirýän bolsaňyz, onda size bu nahary maslahat berýärin.

Içindäkiler — Gaýmakly sousda kömelekli towuk taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • süňki aýrylan jylka towuk eti - 700-800gr.
  • kömelek - 250-300gr.
  • düýp sogan - 1-2 sany.
  • gaýmak - 250 ml.
  • ukrop - 2 güli
  • duz we burç - islege görä.
  • ösümlik ýagy

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ilki bilen towuk etini ýuwmaly, guratmaly we uly bolmadyk kubik görnüşinde dogramaly. Eger ter Kömelegi peýdalanýan bolsaňyz, ilki bilen ony ýuwmaly we dogramaly.
  2. Düýp sogany ýuka halkalaýyn kesmeli we 5 minudyň dowamynda ösümlik ýagynda gowurmaly.
  3. Soňra towuk etini garyp, haýal otda 10 minut çemesi gowurmaly.
  4. Soňra nobat kömelegiňki. Eger ter şampinýonlary ulanýan bolsaňyz onda towugy kömelek bilen 10 minut çemesi gowurmaly.
  5. Şol bir wagtyň özünde ukropy taýýarlamaly. Ownuk dogramaly, sarymsagy arassalap presden geçirmeli. Soňra bolsa gaýmagy, ukroby we sarymsagy sajyň içine goşup, ody has hem haýal ýagdaýa getirip garmaly.
  6. Indi bolsa naharyň duzuny hem-de burçuny islege görä goşup bolar. Eger-de has ýagly gaýmak bolsa onda biraz suw goşmak maslahat berilýär.
  7. Gaýmak sousynda kömelekli towuk nahary taýýar! Işdäňiz açyk bolsun!

Gaýmakly sousda kömelekli towuk senesinde bölümüne goşuldy. 1,606 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň