Howur peçde bişirilýän lüle-kebab

Howur peçde bişirilýän lüle-kebab

Profil suradyResept
19 resept
7 adamyň depderinde
Depderime goş

Içindäkiler — Howur peçde bişirilýän lüle-kebab taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 250 gram gatlakly ýa-da hamyrmaýaly gatlakly hamyr
  • 500 gram üwelen et (göle, goýun ýa-da towuk)
  • 1 sogan
  • 1 diş sarymsak
  • 1 ýumurtga
  • öz islegiňize görä duz, gara, gyzyl burç

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Üwelen ete ownuk dogralan sogany, sarymsagy, ýumurtgany, duz, burç goşýarys we mazaly garýarys. Ping-pong oýnalýan topjagazyň ölçeginde togalaýarys.
  2. Doňy çözülen hamyry ýaýýarys we ini 4 sm töweregi zolaklara bölýäris.
  3. Öňünden suwda ezilen agaç taýajyklaryna gezekli-gezegine hamyr et togalaklarynyň arasyny tolkun şekilinde böler ýaly şekilde düzýäris. Soňra pergament kagyzy ýazylan howur pejiň sajyna ýerleşdirýäris.
  4. Howur peçde 200° C temperaturada 30 minut bişirýäris.
  5. Işdäňiz açyk bolsun!

Suratlary

Howur peçde bişirilýän lüle-kebab surat 1Howur peçde bişirilýän lüle-kebab surat 2Howur peçde bişirilýän lüle-kebab surat 3Howur peçde bişirilýän lüle-kebab surat 4Howur peçde bişirilýän lüle-kebab surat 5Howur peçde bişirilýän lüle-kebab surat 6

Howur peçde bişirilýän lüle-kebab senesinde bölümüne goşuldy. 598 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň