Howur peçde lüle kebap tagamynda etli topjagazlar. Taýynlamak aňsat, iýmek diýseň lezzetli... Hökman bişirip görüň we pikirleriňizi paýlaşyň.
Içindäkiler — Etli topjagazlar taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 500 gr gatlakly hamyr
- 500-600 gr aram yagly üwelen et
- 1-2 sany sogan
- Duz, burç
- 1 sany ýumurtga sarysy
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Ilki bilen üwelen ete sogany üwap salmaly. Soňra duzuny, burçuny atmaly we mazaly garmaly.
- Gatlakly hamyry uzyn süyri gornuşde ýaýmaly we 1 sm ýasylykda uzyn-uzyn kesmeli.
- Emele gelen iç harjymyzdan ýumurtga ululygynda togalak topjagazlar yasamaly.
- Kesen uzyn-uzyn hamyrymyzdan bir-birden alyp topjagazlaryň daşyna tor gornušunde hamyry saramaly.
- Taýýar bolan torlyja topjagaz somsalarynyň ýüzüne ýumurtga sarysyny çalmaly we öňden gyzyp duran howur pejine salmaly. 200° -da 40-45 min towregi üsti gyzaryança bişirmeli. Işdaňiz acyk bolsun!!!
Suratlary






-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.