Gowrulan pomidorly badamjan

Gowrulan pomidorly badamjan

Profil suradyMerjen
13 resept
Ilkinji bolup depderiňe goş
Depderime goş

Içindäkiler — Gowrulan pomidorly badamjan taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 2 Sogan
  • 3 Badamjan
  • 3 Pomidor
  • 2 çemçe parmezan syr syhahdan geçirilen
  • 2 çemçe ösümlik ýagy
  • Duz
  • Kinza ýa-da petruşka

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Badamjanlary iri dogramaly we iri duz sepip bir salum goýmaly.
  2. Sogany we pomidorlary dilim şeklinde dogramaly.
  3. Skoworodkada ýagy gyzdyrmaly we ilki bilen badamjanlary 4-5 minut gowurmaly. Her wagtdan garyp durmaly.
  4. Sogan we pomidorlary goşup güçli otda bişýänçe garyp gowurmaly. Ilsegiňize görä duzlamaly.
  5. Tabaklara goýup üstçne dogralan kinza ýa-da petruşka sepmeli. Islege görä syhahdan geçirilen parmezan peýnirini sepmeli.

Gowrulan pomidorly badamjan senesinde bölümüne goşuldy. 1,052 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň