Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 10 | Bişirmek: ⏰ 20
Ertirlik günüň iň wajyp naharydyr. Çünki size günüň dowamynda ulanar ýaly güýç we energiýa berýär. Ertirligiňiziň doýuryjy bolmagy siziň has köp işiňizi tamamlamagyňyza ýardam eder. Men siziň göwnüňize ýarajak tagamly we doýuryjy ertirklik reseptini hödürleýärin. Içi sosiska, pomidor, gök otlar, peýnir bilen doldyrylan, lawaşa oralan we daşy ýumurtgaly, kysyrwaduk şekilde gowrulan ertirlik resepti. Bu resepti bişirip görseňiz hergün iýesiňiz geler. Çagalar hem gowy görýär. Men 8 sany bişirdim, ýekejesini iýseňizem doýurýar.
Içindäkiler — Lawaş dolama taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 4 sany lawaş
- 6 sany kiçi büzmeçe (sosiska)
- 1 pomidor
- 1 bolgar burç
- 100 gram peýnir (cheddar surty has gowy ereýär)
- petruşka
- 1 çaý çemçesi oregano (kekik)
- Duz, burç
Bulamak üçin:
- 1 ýumurtga
- 1 stakan mekge unyndan edilen hlopýa
- ösümlik ýagy
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Peýniri syhahdan (týorkadan) geçirmeli. Içine goýulýan beýleki azyklary dogramaly. Duz burç goşup garmaly.
- Bir gaba ýumurtgany çakmaly we garmaly. Başga bir gaba hlopýany külke (un) ýaly owradup goýmaly.
- Lawaşu ortasyndan iki bölege kesmeli. Içine garan azygymyzy goýmaly we lawaşy suratdaky ýaly uzyn dörtburçluk edip eplemeli.
- Ilki bilen ýumurtga batyrmaly, soňra hlopýa külkesine bulamaly we ýag guýulan gyzgyn skawarotkada iki ýüzi gyzarýança gowurmaly. Işdäňiz açyk bolsyn!
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Ertirlik günüň iň wajyp naharydyr. Çünki size günüň dowamynda ulanar ýaly güýç we energiýa berýär. Ertirligiňiziň doýuryjy bolmagy siziň has köp işiňizi tamamlamagyňyza ýardam eder. Men siziň göwnüňize ýarajak tagamly we doýuryjy ertirklik reseptini hödürleýärin. Içi sosiska, pomidor, gök otlar, peýnir bilen doldyrylan, lawaşa oralan we daşy ýumurtgaly, kysyrwaduk şekilde gowrulan ertirlik resepti. Bu resepti bişirip görseňiz hergün iýesiňiz geler. Çagalar hem gowy görýär. Men 8 sany bişirdim, ýekejesini iýseňizem doýurýar.
IÇINDÄKILER:
• 4 sany lawaş
• 6 sany kiçi büzmeçe (sosiska)
• 1 pomidor
• 1 bolgar burç
• 100 gram peýnir (cheddar surty has gowy ereýär)
• petruşka
• 1 çaý çemçesi oregano (kekik)
• Duz, burç
Bulamak üçin:
• 1 ýumurtga
• 1 stakan mekge unyndan edilen hlopýa
• ösümlik ýagy
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Peýniri syhahdan (týorkadan) geçirmeli. Içine goýulýan beýleki azyklary dogramaly. Duz burç goşup garmaly.
✔ Bir gaba ýumurtgany çakmaly we garmaly. Başga bir gaba hlopýany külke (un) ýaly owradup goýmaly.
✔ Lawaşu ortasyndan iki bölege kesmeli. Içine garan azygymyzy goýmaly we lawaşy suratdaky ýaly uzyn dörtburçluk edip eplemeli.
✔ Ilki bilen ýumurtga batyrmaly, soňra hlopýa külkesine bulamaly we ýag guýulan gyzgyn skawarotkada iki ýüzi gyzarýança gowurmaly. Işdäňiz açyk bolsyn!
Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 10 | Bişirmek: ⏰ 20
📷 Suratlary → https://tagamlar.com/resept/lawas-dolama/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap