Günüňize kysyrdap duran çörek, gyzgyn sünýän peýnir bilen örtülen mylaýym pomedor ýa-da sosiskalyja buterbrod bilen başlasyňyz gelýärmi? Onda bu tiz taýynlanýan, tagamly we doýyryjy ertirlik siziň üçin.
Içindäkiler — Peýnirli buterbrodlar taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 6 bölek çörek
- 120 gram peýnir
- 2 büzmeçe (sosiska)
- 1 pomidor
- Oregano (kekik) ýa-da islegiňize görä gök otrlar
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Peýniri inçe dilimlere kesemeli, bişirende ereýän peýnir bolsa has gowy. Sosiska we pomidory hem inçe edip kesmeli.
- Çörege yzygiderlikde pomidor, peýnir, oregano ýa-da oregano, peynir sosiska goýmaly. Pomidorly buterbrod mylaýym damaga ýakymly bolýandyr.
- Dyhowkada 180 derejede 5-10 minut peýnir ereýänçe ýa-da gyzarýança bişirmeli.
- Ertirlik üçin ýanyna hyýar we käşiri uzynja dograsaňyz bolýar. Işdäňiz açyk bolsyn!
Suratlary








-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.