Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 10 | Bişirmek: ⏰ 50
Süýtli we karamelli diýseň tagamly, pudinge meňzeş desert. Içindäkiler ýönekeý, taýynlamak köp wagtyňyzy alar diýmeseňiz tagamy edeniňize degýän resept.
Içindäkiler — Süýtli karamelli desert taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 100 gram mesge.
- 120 gram un.
- 1 litr süýt.
- 80 gram şeker.
- 2 paket (10 gram) wanilin.
Karamel üçin:
- 90 gram şeker
- 1 çaý çemçe mekge krahmaly
- 300 ml suw
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Mesgäni bir gazanda orta otda eretmeli we un goşup gowyja bulap gowurmaly.
- Süýdi azajykdan 4-5 gezege bölüp guýmaly we düýbine tutmaz ýaly bulap durmaly. Ahli süýdi bulap guýandan soň wanilin goşmaly we goýalýança, takmynan 40 minut, bulap bişirmeli. Puding ýaly goýy krem bolmaly. Kremi biraz sowadyp aýry gaplara salmaly.
- Üstüniň karameli üçin mekge krahmalyna 200 ml suw goşup bir gapda gowy eidip garmaly.
- Kiçi sous gazanyna 90 gram şeker goýup orta otda eretmeli. Şekeri bir çemçe bilen bulap üstüne 100 ml suw guýmaly. Suw goýan soň erän şeker gataýandyr, bulap eretmeli. Doly erän soň megke krahmal garyndysyny guýmaly we bulamana dowam etmeli. Goýy bala meňzeş karamel bolýandyr.
- Karameli gaplara guýan süýtli kremimiziň üstüne guýup çemçe bilen tekizlemeli. Üstüne islege görä owradylan pisse sepmeli. 30 minut holodilnikte goýyp hezil edip iýäýmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Süýtli we karamelli diýseň tagamly, pudinge meňzeş desert. Içindäkiler ýönekeý, taýynlamak köp wagtyňyzy alar diýmeseňiz tagamy edeniňize degýän resept.
IÇINDÄKILER:
• 100 gram mesge.
• 120 gram un.
• 1 litr süýt.
• 80 gram şeker.
• 2 paket (10 gram) wanilin.
Karamel üçin:
• 90 gram şeker
• 1 çaý çemçe mekge krahmaly
• 300 ml suw
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Mesgäni bir gazanda orta otda eretmeli we un goşup gowyja bulap gowurmaly.
✔ Süýdi azajykdan 4-5 gezege bölüp guýmaly we düýbine tutmaz ýaly bulap durmaly. Ahli süýdi bulap guýandan soň wanilin goşmaly we goýalýança, takmynan 40 minut, bulap bişirmeli. Puding ýaly goýy krem bolmaly. Kremi biraz sowadyp aýry gaplara salmaly.
✔ Üstüniň karameli üçin mekge krahmalyna 200 ml suw goşup bir gapda gowy eidip garmaly.
✔ Kiçi sous gazanyna 90 gram şeker goýup orta otda eretmeli. Şekeri bir çemçe bilen bulap üstüne 100 ml suw guýmaly. Suw goýan soň erän şeker gataýandyr, bulap eretmeli. Doly erän soň megke krahmal garyndysyny guýmaly we bulamana dowam etmeli. Goýy bala meňzeş karamel bolýandyr.
✔ Karameli gaplara guýan süýtli kremimiziň üstüne guýup çemçe bilen tekizlemeli. Üstüne islege görä owradylan pisse sepmeli. 30 minut holodilnikte goýyp hezil edip iýäýmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.
Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 10 | Bişirmek: ⏰ 50
📷 Suratlary → https://tagamlar.com/resept/suytli-karamelli-desert/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap