Peýnirli gülli kelem

Peýnirli gülli kelem

Profil suradyvici
10 resept
Ilkinji bolup depderiňe goş
Depderime goş

Içindäkiler — Peýnirli gülli kelem taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 gülli kelem
  • 100 gram peýnir
  • 1 çemçe suýuk ýag
  • Ukrop petruşka
  • Duz, burç

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Gülli kelemi güllerine böleklere bölmeli, burçlamaly, duzlamaly, ýag sepmeli. Peýniriň syhahdan geçirmeli we 1/3 bolegini garmaly.
  2. Duhowka goýjak gabymyza ýag çalmaly, içine kelemi garymy goýmaly.
  3. 180 dereje gyzdyrylan duhowkada her 15 minutdan duhowkany açyp garmaly we 1 sagat ýa-da kelem ýumşaýança bişirmeli.
  4. Ukrop petruşkany ownuk dogramaly.
  5. Kelemi duhowkadan çykarmaly, galan peýniri, dogralan ukrop petruşkany garmaly. Işdäňiz açyk bolsyn!

Suratlary

Peýnirli gülli kelem surat 1Peýnirli gülli kelem surat 2Peýnirli gülli kelem surat 3

Peýnirli gülli kelem senesinde bölümüne goşuldy. 646 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň