Sütli çörek multiwarkada

Sütli çörek multiwarkada

Profil suradyTagamlar
45 resept
1 adamyň depderinde
Depderime goş

Multiwarkada çişýän süýtli çörek resepti örän aňsat. Hamyr taýyn bolýança köp wagt gerek bolýany üçin öňräjikden başlamany unutmaň..

Içindäkiler — Sütli çörek multiwarkada taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 500 ml süýt
  • 800 gram un
  • 3 çemçe suýuk ýag
  • 1 çemçe şeker
  • 1 çemçe duz
  • 1,5 çemçe hamyr maýa
  • 1,5 çemçe gorçitsa poroşok
  • 2 çaý çemçe islege göra ysly otlar

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Uny elemeli geçirmeli we gury hamyr maýany goşmaly
  2. Südi 38ºC ýylatmaly. Suýuk ýag, gorçitsa we ysly otlary goşmaly. Duz we şekeri süte eretmeli.
  3. Süt bilen unly garyndyny garyp hamyr etmeli. Hamyr eliňize ýelmeşmeli däl.
  4. Hamyr gabynyň üstüni mata bilen ýapyp galar ýaly 1 sagat ýyly yýerde goýmaly.
  5. Multiwarka gabyna ýag çalmaly. Hamyry multiwarka goýup "Ýogurt" programmasynda 40 minut goýmaly. Hamyr has köp galar.
  6. Multiwarkada "Wypeçka" rejime geçirmeli we 75 minut goýmaly.
  7. Çöregiň iki ýüzi hem gyzarar ýaly multiwarkadan çykaryp tersine öwürip ýene 20 minut "Wypeçka" programmasynda goýmaly.
  8. Taýyn çöregi çykaryp sowaýança üstüni mata saçak bilen ýapmaly.
  9. Sütli çörek taýyn, işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Sütli çörek multiwarkada surat 1Sütli çörek multiwarkada surat 2Sütli çörek multiwarkada surat 3Sütli çörek multiwarkada surat 4Sütli çörek multiwarkada surat 5Sütli çörek multiwarkada surat 6

Sütli çörek multiwarkada senesinde bölümüne goşuldy. 2,500 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň