Balygyň ýumşajyk lezzetli etini witamin we ýokumly maddalarynyň has köp bölegini gorap bişirmegiň usuly bugda bişirmek. Bişirmek öran aňsat, iýmek diýseň tagamly.
Içindäkiler — Bugda balyk taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 800 gram balyk
- Duz, gara burç, şafran ýa-da başga halaýan tagam beriji
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Balygy arassalamaly, duz burç sepip siňdirmek üçin biraz okalamaly.
- Multiwarka "bugda bişirmek" (на пару) rejimde ýa-da manty gazanda aşagyna 1 litr ýaly suw goýmaly, üstündäki gaba balygy goýmaly. Derýa balygy bolsa 30 minut, deňiz balygy bolsa 15-20 minut bişirmeli.
- Halaýan garniriňizi we saladyňyzy ýanyna taýynlap saçaga goýaýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary




-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.