Skip to content

Etli topjagazlar

Etli topjagazlar

Näçe adamlyk: 😊 2 | Taýynlmak: ⏰ 20 | Bişirmek: ⏰ 40

Howur peçde lüle kebap tagamynda etli topjagazlar. Taýynlamak aňsat, iýmek diýseň lezzetli… Hökman bişirip görüň we pikirleriňizi paýlaşyň.

Içindäkiler — Etli topjagazlar taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 500 gr gatlakly hamyr
  • 500-600 gr aram yagly üwelen et
  • 1-2 sany sogan
  • Duz, burç
  • 1 sany ýumurtga sarysy

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ilki bilen üwelen ete sogany üwap salmaly. Soňra duzuny, burçuny atmaly we mazaly garmaly.
  2. Gatlakly hamyry uzyn süyri gornuşde ýaýmaly we 1 sm ýasylykda uzyn-uzyn kesmeli.
  3. Emele gelen iç harjymyzdan ýumurtga ululygynda togalak topjagazlar yasamaly.
  4. Kesen uzyn-uzyn hamyrymyzdan bir-birden alyp topjagazlaryň daşyna tor gornušunde hamyry saramaly.
  5. Taýýar bolan torlyja topjagaz somsalarynyň ýüzüne ýumurtga sarysyny çalmaly we öňden gyzyp duran howur pejine salmaly. 200° -da 40-45 min towregi üsti gyzaryança bişirmeli. Işdaňiz acyk bolsun!!!

Suratlary

Etli topjagazlar surat 1Etli topjagazlar surat 2Etli topjagazlar surat 3Etli topjagazlar surat 4Etli topjagazlar surat 5Etli topjagazlar surat 6

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 1,874 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň